Go Back Go Back
Go Back Go Back

#DürliEmmaDeň kampaniýasy - Gender esasly zorluklara garşy

#DürliEmmaDeň kampaniýasy - Gender esasly zorluklara garşy

Video

#DürliEmmaDeň kampaniýasy - Gender esasly zorluklara garşy

Remote video URL

Gender zorlugy – zenanlara fiziki, jynsy ýa-da psihologiki zyýany ýetirýän ýa-da ýetirip biljek jynsy esasda amala aşyrylan islendik zorluk bolup, köpçülikde ýa-da şahsy durmuşdaky zorlugyň töwekgelçiligi, esassyz erkinlikden mahrum etmek ýa-da mejbur etmek hem muňa degişlidir. (Birleşen Milletler Guramasy, Zenanlara garşy zorlugy ýok etmek baradaky Jarnamasy, BMG, Nýu-Ýork, 1993 ý.)

Bu wideodaky Selbi ýaly müňlerçe zenanlar, ýagny bütin dünýäde azyndan her 3 zenanyň 1-i şeýle fiziki we jynsy zorluklara sezewar bolýar, ESASAN hem adamsynyň ýa-da söýgülisiň elinden şeýle sütemleri çekmeli bolýar. Şeýle şikesli tejribeler ony başyndan geçirýän zenanyň diňe bir özüne däl, eýsem bütin jemgyýete täsirini ýetirýär.

Biz bilelikde sagdyn we güýçli jemgyýeti gurýan kadalary öňe sürmek arkaly Selbi ýaly müňlerçe zenanlara, şeýle hem maşgalalara kömek edip bileris.

Dymmagymyzy bes edip, sarpany, mertebäni we deňligi öňe sürmekden başlap bileris. Ählimiz hak-hukuklarymyzy bilip, olar hakda gürläp, herekete geçirsek, hemmetaraplaýyn bähbitli boljak adalatly we gülläp ösýän dünýä gurup bileris.