Go Back Go Back
Go Back Go Back

Öz emosiýalaryňa düşünmek

Öz emosiýalaryňa düşünmek

News

Öz emosiýalaryňa düşünmek

calendar_today 14 September 2021

Edil şu pursat, ýagny şuny okap başlan pursatyňyzda siz nähili duýguda?

Bu sizde dessine gyzyklanma döretdimi? Elbetde, siz özüňiz barada bir zatlar biljekdigiňizi aňýarsyňyz, şeýle dälmi? Özüňizi ýürekgysdyryjy duýýarmysyňyz? Belki-de muny mekdebiňiz üçin edilmeli bir zat diýip hasap edýänsiňiz, şonuň üçin bu sizde asla gyzyklanma döretmeýändir? A belki-de tersinedir, ýagny siz muňa begenýänsiňiz, sebäbi bu siziň göwnüňize ýaraýan mekdep taslamasydyr. Belki-de, düýbinden başga bir zat siziň ünsüňizi sowýandyr, mysal üçin, hepdäniň aýagy üçin göz öňünde tutýan meýilnamalaryňyz sizi begendirýändir. Ýa bolmasa, tersine, gamgyn edýändir, sebäbi ýaňy-ýakynda özara gatnaşyklaryň puç bolandygy bilen bagly duýgylary başyňyzdan geçiripdiňiz? Şular ýaly duýgular ýa-da emosiýalar adamyň tebigatynyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Olar biziň başymyzdan geçirýän zatlarymyz barada maglumat berýär we olara nähili edip reaksiýa bildirmelidigimizden habarly bolmaga ýardam berýär. Biz entek çagakak duýgylarymyzy we olaryň täsirini aňýardyk. Bäbekler we kiçi ýaşly çagalar ýüz-gözleriniň hereketleri (mimikasy), ýüzlerindäki alamatlar arkaly, ýa bolmasa gülmek, gujaklamak, ýa bolmasa kemşermek, aglamak ýaly hereketleri bilen özlerinde dörän duýgularyna reaksiýa bildirýärler. Olar şular ýaly duýgulary başdan geçirýärler we olary beýan edýärler, emma welin olarda haýsy-da bolsa bir duýgyny atlandyrmaga, näme sebäpden özlerini şeýle duýýandyklaryny düşündirmäge gerek bolan ukyp entek ýok. Ösüp, barha kemala gelmek bilen biz duýgulara düşünmekde has başarjaň bolýarys. Ulalanymyzda biz özümizi edil çaga ýaly alyp barman, eýsem bizde nähili duýgynyň dörändigini kesgitläp, ony dil bilen beýan etmegi başarýarys. Wagtyň geçmegi bilen, hem tejribämiziň artmagy netijesinde biz duýgularymyzy kesgitlemekde we näme sebäpden özümizi şeýle duýýanlygymyzy anyk aýtmakda has ökdeleşýäris. Bu ukyp duýgy taýdan habardarlyk diýlip atlandyrylýar. Duýgy taýdan habardarlyk näme etmelidigimizi we näme isleýändigimizi (ýa-da islemeýändigimizi!) bilmekde ýardam edýär. Ol biziň aragatnaşyklarymyzy gowulaşdyrmaga şert döredýär. Munuň sebäbi-de, öz duýgularymyz barada bilmegiň olar hakda has anyk gürrüň etmäge, dawa-jenjellerden gaça durmaga we agyr duýgulary aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge kömek edýändigindedir. Elbetde, adamlaryň birnäçesi beýlekilerden tapawutlylykda öz duýgulary bilen has ysnyşykly bolýarlar. Ýöne bu barada başga-da gowy zat bar. Ýagny, her bir adam öz duýgularyndan has habarly bolup biler. Tejribäniň artmagy bilen bu ukyba ýetip bolýar. Emma, elbetde, bu ugurda tagalla etmek gerek: duýgy taýdan habardarlyk duýgy intellektini döretmek ugrunda edilýän ilkinji ädimdir. Bu adamlara durmuşlarynda üstünlige ýetmäge ýardam edip biler.

 

Emosiýalar barada biz näme bilýäris?

Duýgular ýa-da emosiýalar barada birnäçe esasy zatlar: Duýgular döreýärler we ýok bolup gidýärler. Günüň dowamynda köpimiz birgiden dürli-dürli emosiýalary başdan geçirýäris. Olaryň käbirleri diňe birnäçe sekund dowam edýär. Beýlekileri bolsa has köp dowam edip, biziň şäht ýagdaýymyza öwrülýärler. Duýgular aram, güýçli we bu ikisiniň aralygynda bolup bilerler. Duýgularyň güýji belli bir ýagdaýa we adamyň özüne bagly bolýar. Duýgular erbet ýa-da gowy bolup bilmeýär, olaryň beýan edilişi (ýa bolmasa olara görä hereket ediş) usullary gowy ýa-da erbet bolup biler. Kabul ediläýjek usullar bilen duýgulary beýan etmek bolsa aýratyn bir ukyp bolup, ol duýgulary ele almak bilen baglydyr. Munuň üçin bolsa, duýgulara düşünmek ukyby esasy şert bolup hyzmat edýär.

 

Bularyň hemmesi hem gowudyr

Duýgularyň käbirleri oňyn duýulýar – mysal üçin, bagtly bolmak duýgusy, söýgüli bolmak duýgusy, ynamly bolmak, ruhubelentlik, şadyýanlyk, şatlykly, gyzyklanma bildirmek, minnetdar bolmak, ýa bolmasa çetleşdirilmän, kabul edilmek duýgulary. Bulardan tapawutlylykda, başga duýgular oňyn bolmadyk ýaly görnerler. Olaryň arasynda gahar-gazap duýgusy, öýke-kine, gorky, uýat, günäkärlik, gamgynlyk we aladalylyk duýgulary bar. Duýgularyň iki görnüşi hem, ýagny oňyn we oňaýsyz görnüşleri adaty duýgular hasaplanýar. Duýgularyň ählisi özümiz we başdan geçirýän ýagdaýymyz barada bizi habarly edýär. Emma kä halatlarda biziň düşen ýagdaýymyz, şeýle hem başymyzdan geçirýän duýgularymyz bilen ylalaşmak bize kyn düşýär. Nähilidir bir duýguny başdan geçirýändigimiz üçin, mysal üçin, gabanýanlygymyz üçin, biz özümizi ýazgaryp hem bileris. Emma welin özümiziň nähili duýgyny başdan geçirmeli däldigimiz barada pikir edenden, iş ýüzünde nähili duýgymyzyň bardygyna üns bermek has gowydyr. Oňyn bolmadyk (negatiw) duýgulardan saklanyp, özümizi "Ýok, asla beýle duýmaýaryn!” diýip ynandyrmakçy bolmak oňaýsyz netije berip biler. Elbetde, geçmişde galan agyr duýgularyň gapdalyndan geçip gidäýmek we olary görmedik ýaly bolmak has kyn düşýär. Eger-de biz olar bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda näme sebäpden özümizi şeýle duýýandygymyzy anyklamaga synanyşmasak, onda bu hut şeýle bolar. Siz gaýta-gaýta öz duýgularyňyza dolanyp barmalysyňyz we elmydama özüňizi nähili duýýandygyňyzy aýdyp durmalydyr. Duýgulardan habarly bolmak peýda bolýan duýgularyň özüňiz tarapyndan ykrar edilmegini, olara hormat-sarpanyň goýmagyny we bolşy ýaly kabul edilmegini aňladýar.

 

Duýgulardan habarly bolmagyň kemala gelmegi

Duýgulardan habarly bolmak bize öz-özümizi tanamaga we kabul etmäge ýardam berýär. Şeýlelik-de, başdan geçirýän duýgularyňyzdan nädip has habarly bolup bilersiňiz? Aşakda getirilen üç sany ýönekeý ädimden başlaň: Özüňizi günüň dowamynda bolup geçýän dürli-dürli ýagdaýlarda özüňizi duýşuňyza görä alyp barmagy öwreniň we ony adaty endige öwrüň. Dostuňyz bilen bir ýere gitmek baradaky etsem-petsemiň sizi gaty begendirýändigini duýup bilersiňiz. Ýa-da, mysal üçin, synagyňyzyň öňüsyrasynda gaty aljyraýandygyňyzy aňarsyňyz. Saz diňläp otyrkaňyz özüňizi rahatlanan ýaly, sungat sergisine gatnaşandygyňyz sebäpli ruhuňyzyň belentdigini duýýarsyňyz, ýa bolmasa dostuňyz sizi taryplap, hoş söz aýtsa, begenýärsiňiz. Ýönekeýje etmeli zadyňyz başyňyzdan geçýän ähli duýgulary syzmagy we soňra olary z kelläňizde bellemegi öwreniň. Muňa bary-ýogy ýekeje sekund gider, ýöne bu uly tejribe bolar. Her bir duýgynyň geçip gidýändigini we indiki tejribe üçin ýer döredýändigini ýatdan çykarmaň. Duýgyňyzyň nä derejede güýçlidigine baha beriň. Başyňyzdan geçýän haýsy-da bolsa bir duýgyny syzanyňyzdan soňra onuň nähili duýgudygyny anyk aýdyp, ýene-de bir ädim öňe ediň: 10 (1-den 10 çenli) baldan ybarat şkaladan peýdalanyp, duýgyňyzyň nä derejede güýçlüdigine baha beriň. 1-lik baha iň bir aram duýgyny, 10-luk bolsa iň güýçli duýgyny aňladýar. Duýgularyňyzy özüňize iň ýakyn adamlar bilen paýlaşyň. Duýgularyňyzy söz arkaly beýan etmek nukdaýnazaryndan bu iň gowy usul hasaplanýar. Bu endik özümizi dost-ýarlarymyza, ýan ýoldaşlarymyza, ene-atamyza, halypalarymyza, umuman, islendik adama has ýakyn duýmaga ýardam berýär. Öz dost-ýarlaryň ýa-da maşgala agzalaryň bilen duýgularyňy paýlaşmagy öz gündelik endigiňize öwrüň. Siz özüňize degişli şahsy duýgyňyz ýa-da günbe-gün başyňyzdan geçirýän duýgyňyzy paýlaşyp bilersiňiz. Durmuşdaky beýleki zatlarda hem bolşy ýaly, duýgulara gezek gelende hem, tejribeden gowy zat ýokdur! Özem erbet ýa gowy duýgular diýlen zadyň ýokdugyny ýadyňyzdan çykarmaň. Duýgularyňyz üçin özüňizi ýazgarmaň – olaryň bardygyny we olaryň nähili duýgulardygyny bilýän bolsaňyz ýeterlikdir.

 

Related Content