Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Irki jyns ýetişikliligi — howpsuzlygyň ähmiýeti

Irki jyns ýetişikliligi — howpsuzlygyň ähmiýeti

News

Irki jyns ýetişikliligi — howpsuzlygyň ähmiýeti

calendar_today 06 December 2021

Ýetginjeklik döwri her bir ýetginjek üçin ömrüniň jogapkärçilikli hem ýeňil bolmadyk tapgyrydyr. Bu döwürde özüňe hem-de daş töweregiňe bolan garaýşyň üýtgeýär. Duýgular joş urýar, öz-özüňi ykrar etdiresiň gelýär, ýetişenligiňi mälim edesiň gelýär. Köplenç halatda bolsa, ýetginjegiň karary ýetişen adamlaryň durmuşynyň bir parçasy bolan jyns gatnaşyklarynda saklanýar. Ýöne bu ýerde öňünden bilmeli «emmalaryň» ençemesi bar.

 

Irki jyns gatnaşyklaryna başlamagyň näme howpy bar?

Jyns gatnaşyklaryna 18 ýaşa çenli döwürde başlamak psihologiýada we seksopatologiýada dewiant hereket — ýagny, kadaly hereket hasaplanylmaýar. Lukmanlarynyň tassyklamagyna görä, jyns gatnaşyklaryna ir wagtda başlamaklyk adamyň ösüşini çaltlandyrman, tersine, köplenç halatda olaryň uly ýaşly durmuşynda hem ýaramaz täsirini ýetirip biler: 

  1. Ýetginjekleriň utanýanlygy (gorkýanlygy) we kesel alamatlaryny gizläp, zerur bolan lukmançylyk gözegçiligini we bejergini almaýanlygy zerarly hroniki häsiýete eýe bolýan jyns ýokanç keselleri. 
  2. Jyns gatnaşyklarynyň adamyň beýleki ulgamlarynyň energiýasyny alýanlygy zerarly bedeniň ösüşiniň haýallamagy we bozulmagy. 
  3. Bu ýaşda ýaňy ösüş ýoluna düşen nesil öndürijilik ulgamynyň gormonal kadalaşmasynyň bozulmagy. 
  4. Ýene-de şol sebäpli, mekdepde ýetişigiň we umumy bilesigelijiligiň peselmegi. 
  5. Birinji ýoldaşyňdan göwnüň galandan soňra, gapma-garşy jynsyň wekilleri bilen özara düşünişmekde meseleleriň ýüze çykmagy, kähalatlarda bolsa, maşgala döredip bilmezlige çenli baryp ýetýär. 
  6. Islenilmedik göwrelilik. Çagany aýyrtmak ýa-da çaga dünýä indermek aýallaryň bedeni üçin güýçli sarsgy bolup durýar, ýetginjek gyz üçin bolsa bu aýratyn hem şeýledir. 
  7. Ýetginjek ýaşda çagany aýyrtmagyň, göwreliligiň we çaga dogrumynyň netijesinde ginekologiýa keselleri. 8. Irki enelik bilen bagly kynlyk bilen çözülýän durmuş we ahlak-etiki meseleler.

 

Nädip beýle bolýar?

Ýetginjekleri jyns gatnaşyklaryna başlamaga adatça gormonlar däl-de, sosium (jemgyýet) — maglumat gurşawy, deň-duşlary bilen aragatnaşyk etmeklik iterýär. Ýetginjekler heniz gatnaşyk etmäge ýaşy ýetmänkä, daş töwereginiň gözünde uly we işjeň görnesleri gelýär. Gyzlar, ilkinji nobatda, romantikanyň bolmagyny, alada edilmegini isleýär. Oglanlar üçin welin, tersine, şol prosesiň özi gerek. Islän zatlaryny alanlaryndan soň bolsa, olar indiki ýoldaşyna geçýär. Şonuň üçin hem bu ýaşda islegler deň gelmän biler. Lukmanlaryň we psihologlaryň pikirine görä, adam diňe 18-19 ýaşlarynda jyns gatnaşyklary üçin doly ösüp ýetişýär.

 

Kontrosepsiýa (gorag) hakynda nämeler bilmeli?

Ýetginjegiň «tema» beletdigine — jyns gatnaşyklaryny alyp barmagyň kadalaryndan we düzgünlerinden habarlydygyna garamazdan, möwç alýan gormonlar onuň erkinden üstün çykyp biler. Bu ýagdaýda nesil öndürijilik saglygyny goramaga ýardam edýän häzirki zaman kontrosepsiýanyň kömegi bilen ýokanç kesellerden, irki göwrelilikden we beýleki garaşylmadyk ýagdaýlardan talabalaýyk goragyň boljakdygyna umyt edäýmek galýar. Ýetginjeklerde kontrosepsiýanyň esasy wezipeleri şulardan ybarat: 

Irki göwreliligiň we çagany aýyrtmagyň öňüni almak; 

Jyns gatnaşyklary arkaly geçýän ýokanç keselleriň we infeksiýalaryň öňüni almak.

 

Ýetginjekleriň jyns gatnaşyklarynyň aýratynlyklary?

Ýetginjekleriň arasyndaky jyns gatnaşyklary kontrosepsiýanyň usulyny kesgitleýän birnäçe tapawutly aýratynlyklara eýedir: Gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmazlygy, tükeniksiz gözleg — bu kontrosepsiýanyň meýilnamalaýyn usullarynyň seýrek ulanylmagynyň sebäbi bolup durýar (çaga galmagyna garşy dermanlaryň we inýeksiýalaryň yzygiderli kabul edilmegi); Ýeterlik tanyş bolmadyk adamlaryň bilen gatnaşyk. Jyns ýoldaşlary birek-biregi seýrek ýagdaýda oňat tanaýarlar; köplenç ýagdaýda jyns gatnaşyklary ýeterlik derejede tanyş bolmadyk ýoldaşlaryň arasynda bolup geçýär; şol bir ýetginjegiň birnäçe jyns ýoldaşlary bolup biler. Bu bolsa jyns gatnaşyklary arkaly geçýän keseller bilen kesellemek howpuny artdyrýar; Habarsyzlygy ýa-da utanjaňlygy sebäpli ýetginjekler göwrelilikden goranyş usullaryndan peýdalanmaýarlar. Bu bolsa heniz organizmi ýeterlik ösüp ýetişmedik we göwresinde çaga ulaltmaga taýýar bolmadyk gyzlarda irki göwrelilik howpuny artdyrýar. Ir ýaşda çagany aýyrtmak bolsa nesil öndürijiligine we umumy saglyga agyr täsir edip biler.

 

Ýetginjeklere nähili gorag usullary laýyk gelýär?

Göwreliligiň öňüni almak we infeksiýalardan (wirusly gepatit, AIW/AIDS, gonoreýa, sifilis, mikoplazmoz, hlamidioz, trihomoniaz, gardnerellez, papillomawirusly infeksiýa, gerpes, sitomegalowirusly infeksiýa we beýlekiler) goranmak nukdaýnazaryndan netijeli usullar; Saglyk üçin howpsuz usullar; Ulanmak üçin ýönekeý bolan usullar; Elýeterli usullar. Bu nämäni aňladýar? Bu diýildigi, şular ýaly ýagdaýlarda iň ýerine düşen serişdäniň kontrosepsiýanyň barýer usulydygyny — prezerwatiwden peýdalanmakdygyny aňladýar. Islenilmedik göwrelilikden goramakdan başga-da, prezerwatiw jyns gatnaşyklary arkaly geçip bilýän birnäçe düýpli kesellerden goragy üpjün edýär we islendik dermanhanalarda elýeterlidir. Jyns gatnaşyklarynyň howpsuzlygy meselesi iki tarapy — oglanlary hem, gyzlary hem gyzyklandyrmalydyr.

 

Gyzlar üçin goranyş usullary: çaga galdyrmaýan dermanlar hakynda 

Islenilmedik göwrelilikden goranmagyň beýleki bir usuly — gerdejik görnüşinde gormonal çaga galmagyna garşy derman serişdelerdir. Olar ýetginjek ýaşda elmydama kadaly bolup durmadyk menstruasiýa döwrüni kadalaşdyrýar, deriniň ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edýär we şonuň üçin hem olary bejergi almak maksady bilen ulanyp bolýar. Ýöne bu dermanlary ulanmazdan öňinçä, lukman bilen maslahatlaşmak zerurdyr (JORALARYŇ ÝA-DA EJEŇIZ BILEN DÄL). Lukman dermanlaryň aglaba köplüginden saglygyň, ösüşiň we neslegeçijiligiň aýratynlyklaryny nazara alyp anyk derman ýazyp berer. Ýatda saklaň, haýsy hem bolsa bir gyza dogry gelýän derman, beýleki biri üçin peýdasyz, hatda zyýanly hem bolup biler. Ginekologyň maslahaty bolmazdan, bu ýerde belli bir karara gelip bolmaz. Utanyp durmagyň geregi ýok, lukman üçin bu adaty bir iş. Ýöne ýatdan çykarmaň, jyns ýollary bilen geçýän kesellerden derman gerdejikleri gorap bilýän däldir. 

 

Kalendar usuly hakynda

Gyzlar üçin goranmagyň iň amatly usullarynyň biri hökmünde hünärmenler çaga galmagynyň öňüni alýan tebigy, kalendar usulyny belleýärler. Ol göwreli bolmak mümkinçiliginiň iň pes bolan wagtyny kesgitleýär. Bu usuly ulanmak üçin gyzlara islenilmedik göwreliligiň ýüze çykmagy üçin «howply» günleriň tertibini düzüp, öz organizmini oňat öwrenmek ýeterlikdir. Munuň üçin hem iň gowusy ginekologa ýüz tutmaly. Ol şahsy kalendaryňy düzmäge, owulýasiýa günlerini hasaplamaga we ş.m. kömek eder. Ýöne bu usul ähli usullaryň içinde iň ygtybarsyzydyr.

 

Saklanmak hakynda

Islenilmedik göwrelilikden we jyns gatnaşyklary arkaly geçýän infeksiýalardan goranmakdan iň ygtybarly usuly saklanmakdyr. Eger-de siz ýoldaşyňyza, özüňize we jyns gatnaşyk etmäge bolan islegiňize ynam etmeýän bolsaňyz, onda saklanmaly. Akylly we gatnaşyklara ähmiýet berýän oglan sabyr eder. Ondan başgasy-ha asla gerek däl. Çünki iň esasy zat — sagdynlyk we geljekdir. Bir pursatlyk jedelli lezzet üçin töwekgellik etmäň.

 

NETIJE

Gatnaşyklaryň, lukmançylyk görkezmeleriniň we kontrosepsiýanyň usullarynyň ähli inçeliklerini ýat tutmak we kelläňden saklamak kyndyr. Utanjyňy ýeňip geçip, ene-ataňa ýa-da lukmana ýüz tutmak ondan hem kyndyr. Şonuň üçin hem kadaly jyns terbiýesi — irki jyns gatnaşyklarynyň ýaramaz netijeleriniň öňüni almakda örän zerur çäredir. Bu günki gün bu tema dünýä jemgyýetçiliginiň pikir alyşmasynyň predmeti. Kimdir biri munda ahlak ýagdaýynyň pese düşmegini görýär, kimdir bir bolsa ýetginjegi düzedip bolmajak ýalňyşlardan goramagyň mümkinçiligini görýär. Eger-de sizde soraglar, goşmaçalar ýa-da teswirler bolsa, bize ýüz tutuň info@unfpa.org.tm