Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Jynsy terbiýe näme?

Jynsy terbiýe näme?

News

Jynsy terbiýe näme?

calendar_today 01 April 2022

Jynsy terbiýe näme?
Jynsy terbiýe näme?

“Jynsy terbiýe” söz düzümi köp ene-atada dartgynly ýagdaýlara sebäp bolýar. “BU barada çaga derrew aýtmalymy?” diýip soraýarlar. “Utanç!”

Jynsy terbiýe diňe jynslaryň arasyndaky “utanç” gürrüňlerden köprägini öz içine alýar. Bu fiziki ýagdaýy, arassaçalyk, ahlak we etika, şahsy howpsuzlyk düzgünleri we ýene birnäçe zat barada bilimdir. 

 

Jynsy terbiýe – bu...

Jynsy terbiýe – bu diňe bir çagalara, ýetginjeklere we ýaşlara däl-de, eýsem, olaryň ene atalaryna hem peýda etjek ylymlar ulgamydyr. Bu ulgam fiziki ýagdaýy, arassaçalyk, ahlak we etika, şahsy howpsuzlyk düzgünleri we hatda hukuklary barada maglumatlary öz içine alýar. 

Jynsy terbiýe birnäçe hünärmeni öz içine alýar: diňe ene-atalar däl, mugallymlar, lukmanlar, psihologlar,  hukuk goraýjy edaralar we ş.m.

Jynsy terbiýäniň maksatlary:

  • Sazlaşykly ösüş
  • Öz saglygyň we bedeniň barada tapawutly, köp taraplaýyn we ýokary hilli maglumat edinmek
  • Çagalyk funksiýalarynň kämilleşmegi;
  • Özüniň we töweregindäkileriň saglygy we abadançylygy barada alada edinmek we jogapkärçilik duýmak.

 

Jynsy terbiýe haçan başlaýar?

Çagalaryň jynsy terbiýesi ene-atalaryň jynsy terbiýesinden başlanýar. 

Eýýäm 2-3 ýaşynda çagalaryň aglaba bölegi özleriniň haýsy jynsa degişlidiklerine düşünmäge başlaýarlar. Gyzlaryň we oglanlaryň biri-birinden tapawutlydygyna düşünmäge başlaýarlar we bu tapawutlyklar we olaryň sebäpleri barada gyzyklanyp başlaýarlar. Çagalar “Men nireden geldim?”, “Mende näme üçin beýle” ýaly soraglar bermäge başlaýarlar. Bu adaty ýagdaýdyr.

Hususanda bu ýaşlarda howpsuz jynsy hereketlere esaslanýan jynsy terbiýe prosesi başlaýar: çagalar soraýar, ene-atalar bolsa utanman anyk we ýeterlik jogap berýär. 

Möhüm! Bu diýmek, ene-atalaryň özlerinde çagalarynyň ýaşyna görä utgaşdyrylan dogry we takyk maglumatlaryň bolmalydygy diýmekdir. “Gowulyk üçin ýalan sözlemek” bu ýaşda çaganyň ynamyny gaçyryp biler. 

Anyk we dogry jogaby alan çagada ene-atasyna islendik sorag ýa-da mesele bilen ýüz tutup biljegine, olaryň soraga çekmän we utanman jogap berjegine bolan ynam döreýär. 

 

Irki jynsy terbiýe

2-3 ýaşda çaga öz bedenini öwrenmäge başlaýar. Şeýle döwürde ene-atanyň esasy wezipesi esasy arassaçylyk kadalaryny öwretmek we sagdyn galmak üçin olaryň wajyplygyny öwretmek bolup durýar. 

Çagalar dogry we yzygiderli ýuwunmagy, ellerini ýuwmagy, dişlerini arassalamagy, suwa düşmegi we içki we daşky eşiklerini çalyşmagy öwrenýärler 

Mundan başga-da, şeýle irki ýaşlarda daş-töwerek bilen howpsuz gatnaşyk saklamagyň esaslary emele gelýär: çagalar daşardaky adamlary “ýakynlary” we “nätanyşlar” hökmünde bölýär, degişlilikde aragatnaşyk saklamaga başlaýar. Bu barada maglumaty bolmak umumy terbiýäniň, hususan-da, jynsy terbiýäniň esasy bölümlerinden biridir.

 

Mekdebe çenli we başlangyç synplarda jynsy terbiýe

5-8 ýaş aralygynda çagalar garyndaşlary, goňşylary, mekdepdäki ýaranlary bilen durnukly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ýola goýýar. Töweregindäki adamlar köpelýändigi üçin çaga üçin täzelik bolan birnäçe ýagdaýlar hem emele gelýär. Çaga hakyky durmuşda uluylardan ýa-da telewizorda gören hereketlerini özünde barlap görýär. Mysal üçin, bu ýaşda çagalar ýygy-ýygydan birini söýýärler. Söýgi gönükdirilen şahs uly (terbiýeçi, goňşy, maşgala dostlary) hem bolup biler, öz deň-duşy hem. Şeýlelik bilen, çaga öz duýgularynyň kabul edilmegi ýa-da olara garşy çykylmagy bilen ýüzleşip biler. Muňa üns bermek hökman däl, ýöne çaganyň duýgularyny görmezden gelmek hem ýerliksiz. 

Şeýle aňsat bolmadyk döwürde hemmeleriň garşy çykmaga hakynyň bardygyny, kabul edip bilmejekleri ýa-da halamadyklary ýagdaýlara garşy görkezmelidigini, şeýle hem garşylyk görkezmegiň adamy erbetleşdirmeýändigini çaga düşündirmek, wajypdyr. 

Eger çaganyň duýgulary kabul edilse, çagalar ýuwaşlyk bilen maşgalada oýnamaga başlaýarlar – toý eden bolýarlar, gündelik durmuşdan ýagdaýlary janlandyrýarlar, gurjak-guş oýnaýarlar. Şeýle ýagdaýlarda çagalaryň howpsuz ssenariýleri “oýnamaklary” üçin gözleriniň öňünde ene-atanyň arasyndaky we beýleki ulularyň arasynda dogry gatnaşyklaryň bolmagy örän wajypdyr. 

Şeýle hem bu ýaşda çagalar ulularyň durmuşynyň beýleki ugurlaryny hem “oýnaýarlar”: iş, dostluk, dynç alyşlar, hobbiler. Bularda hem howpsuz nusgalaryň bolmaklygy wajypdyr. 

 

Ýetginjeklik döwründe jynsy terbiýe 

Ýetginjegiň jyns ulgamynyň kämilleşýän döwründe bedende birnäçe üýtgeşme bolup geçýär. Jynsy terbiýe hem bu üýtgeşmeleri, hem-de saglyk bilen bagly soraglary üns merkezine alýar. 

Şeýle döwürde islendik ýetginjege şulary bilmek wajypdyr:

  • Beden üýtgeýär we bu adaty ýagdaý
  • Üýtgeşmeler ýaranlaryňdan ir ýa-da giç başlap biler, bu adaty ýagdaý sebäbi her kimiň aýratyn “biologik sagady” bar
  • Üýtgeşmeler tapawutly bolup biler – her beden ýeke-täkdir
  • Islendik soragyna jogap tapmak ýa-da kömek almak (lukmançylyk) üçin özünden uly ynamdar birine ýüz tutup biljegini

Şeýle döwürde ene-atanyň ýetginjegiň bedeninde bolup geçýän zatlary geň garşylamazlygy we utanç duýmazlygy wajypdyr. 

Gelejekde çaga niresinde birahatlyk ýa-da agyry duýýandyny anyk aýdyp bilmegi üçin bedeniň böleklerini dogry adalgalar bilen atlandyryň,

Ýetginjegi bedeni bilen oňyn gatnaşyk saklamakda goldaň: bedenine dogry ideg etmegi, ýerlikli iýmitlenmegi öwrediň,

Ýetginjegiň bedenindäki üýtgeşmelere ýaramaz teswirler getirmäň, bu oňa bagly däl ahyryn (gyzlarda uly ýa-da kiçi göwüsli bolmagy, oglanlarda sesiniň üýtgemegi ýa-da murt çykmagy),

Şuňa meňzeş ýaramazlar maslahatlar bermäň: “Sen horlanmaly” ýa-da “Deriň bilen bir zatlar etmeli!”. Bular hiç hili gowulyk ýa-da peýda getirmeýär. Iň gowusy ýetginjek bilen ruhy dünýäsi barada gürleşiň, özüni duýşy barada soraň. Diňe onuň özi bir mesele barada dil ýaranda kömek etmegi hödürläň. 

Möhüm! Eger siziň özüňiz ýetginjek bilen ulalmak, gormonlar, bedeniň üýtgemegi ýaly temalarda gürleşmäge taýýar däl bolsaňyz, özüňizi ýeterlik duýmaýan bolsaňyz, ýetginjek bilen özara ynama esaslanýan gatnaşygyňyz ýok bolsa ýa-da size bu temalarda gürlemek utanç bolsa (aslynda utanmaga zat ýok), onda, siz ýetginjege degişli çeşmeleri okamagy maslahat berip bilersiňiz. Teklip edýän çeşmäňizde dogry, bitarap we barlaglara esaslanýandygyna göz ýetiriň.

 

Jynsy terbiýe we gatnaşyklar barada gürrüňler 

Irugiç ýetginjek beýleki adamlar bilen intim gatnaşyklar barada gyzyklanyp başlaýar. Eger şeýle soraglar bilen ene-atasyna ýüz has hem ajaýyp bolar.

Gyzlaryň we oglanlaryň beýleki adamlar bilen gatnaşyklarda (elleşmekde, sypalamakda, öpmekde, gujaklaşmakda) deň derejede mylaýymlygy talap edýändigini düşündirmek wajypdyr. Ýetginjeklik döwri jynsy kämilleşmek döwri bolsa-da, öz saglygyň we ýoldaşyň saglygynyň çäklerini barlap görmegi aňlatmaýar. 

Howpsuz seks – bu öz we ýoldaşyň saglygy barada aladalanmak we oňa hormat goýmakdyr. Bu jynsy ýollar arkaly geçýän kesellerden goranmaga we islenilmedik göwreliligiň öňüni almaga bolan jogapkärçiligi öz içine alýar.  

Ýetginjek bilen gürleşiň. Akyl bilen hereket etmegi, howpsuzlygy we sagdynlygy deň-duşlaryň pikirlerinden we stereotiplerinden öňde tutmagyň birnäçe kynçylykdan gorajakdygyny düşündiriň. 

Gürleşmek we duýgy hemme wagt sekse eltmeýär. Köp ýetginjek eýýäm özlerinden başga ähli jübütleriň ählisi jynsy gatnaşyk saklaýandyr öýdýärler. Aslynda bolsa, seks bolmazdan gürleşmek – bu adaty ýagdaý. Seks – yzygiderli, bir-birege ynama esaslanýan jogapkärli gatnaşykdyr. 

Möhüm! Ýetginjege özüňi ýerliksiz alyp barmagy hem düşündirmelidir. Abaý atmagyň we zorlugyň nämedigi barada aýdyp bermeli. Şeýle hem islendik ýagdaýda ony goldaýandygyňyzy we ony goramak isleýändigiňize ynandyrmaly. 

 

Jemleýiji

Jynsy terbiýe – çaga terbiýesiniň aýrylmaz bölegidir. Ene-atanyň, lukmanlaryň, mugallymlaryň ýerlikli kömegi bolmazdan munuň üstesinden gelip bolmaýar. 

Eger çagalar ene-atalaryndan ýeterlik maglumat alyp bilmeseler beýleki çeşmelere ýüz tutýarlar. Şeýle maglumatyň nä derejede ýokary hilli boljagy gümürtik. Şonuň üçinem, dymmak peýda etmeýär. Barybir bilerler. Ýöne näme öwrenjekleri we bu öwrenen maglumatlarynyň soňky durmuşlaryna nähili täsir etjegi ullakan soraglygynda galýar. 

Jynsy terbiýe meselerinde özüňe we çagaňa ynam wajypdyr. Şeýle ýagdaýda siziň ýetginjegiň durmuşyna garyşmagyňyz ýaramaz kabul edilmez. Çaga islendik ýaşda kömek alyp biljegine we öz meseleleri bilen ýeke baş alyp çykmaly bolmajakdygyna gözi ýeter. 

 

Related Content