Go Back Go Back
Go Back Go Back

Meniň boýum nähili bolarka?

Meniň boýum nähili bolarka?

News

Meniň boýum nähili bolarka?

calendar_today 03 November 2021

Siziň ösmegiňize näme kömek edýär we siziň boýuňyzyň nähili boljakdygyny nädip öňünden bilip bolýar? Kämillik ýaşyna ýeten uly adamyň ahyrky nokada çenli boýunyň ösmegi hakda söz açylanda siz özüňiz barada nähili çaklamalar edýärsiňiz? Bu soragyň jogabyny aňsatlyk bilen tapyp bolýar. Munuň üçin size öz ene-ataňyza seretmek ýeterlik. Ýöne munuň bilen iş tamam däldir. Kämillik ýaşyna ýeten uly adam bolanyňyzda ahyrky ýetjek boýuňyzy kesgitlemek we boýuňyza nähili-de bolsa dürli usullar bilen täsir edip biljekdigiňizi anyklamak ugrunda edilen tagallalar netijesinde toslamalaryň arasyndan hakykatyň käbir bölejiklerini tapmak başadyk.

Meniň boýumyň nähili boljakdygyna näme täsir edýär?

Ösüp, kemala gelip, uly adam hökmünde siziň ahyrky ýetjek boýuňyz birnäçe faktorlara bagly: maşgala agzalaryňyzyň boýlarynyň uzynlygyna, olaryň haçan, ýagny has ir ýaşda ýa-da gijigip ösüp başlanlygy ýaly ösüş häsiýetlerine; siziň kämillige ýaşyna haçan ýetenligiňize; siziň kesellän hroniki keselleriňize we iýmitlenme endikleriňize baglydyr.

 

Eger meniň enem-atamyň boýlary uzyn, ýa-da pes bolsa, men hem edil şolar ýaly uzyn, ýa-da pes bolarynmy?

Bolup biler. Ene-ataňyzdan alýan genleriňiziň siziň boýuňyzyň nusgasynda we ösüp, kemala gelip, uly adam hökmünde siziň ahyrky ýetjek boýuňyzyň näçeräk boljakdygynda uly ähmiýeti bardyr. Emma bu siziň boýuňyza täsirini ýetirýän ýeke-täk faktor däldir.

 

Boýuma degişli duýdansyz özgerişler haçan başlanyp, haçan tamamlanýar? Men näçeräk ösüp bilerkäm? Şunuň bilen baglylykda oglanlar bilen gyzlaryň arasynda nähili tapawut barka?

Boýa degişli duýdansyz özgeriş gyzlarda we oglanlarda iki ýylyň dowamynda bolup geçýär. Emma ol başga-başga wagtda başlanyp biler. Gyzlarda bu duýdansyz özgeriş adatça 9 ýaşdan 10 ýaşa çenli başlanýar. Gyzlaryň boýunyň iň çalt üýtgeýän döwri 11 ýaşdan 12 ýaşa çenlidir. Oglanlaryň boýy bolsa adatça 11 ýaşlarynda ösüp başlaýar, 13 ýaşynda iň ýokary derejesine ýetýär. Şol döwrüň dowamynda oglanlar, adatça, her ýyl 10 santimetr çemesi ösýän bolsa, gyzlar her ýyl 7 ýarym santimetr çemesi ösýärler. Hut şu jähetden hem, orta hasap bilen erkekleriň boýy aýallaryňka garanda 12 ýarym santimetr çemesi uzynrakdyr. Kämillik ýaşyna ýetmek döwrüniň ahyrynda oglanlaryň we gyzlaryň boýunyň ösmegi durýar. Edil şol wagt hem olaryň boýlarynyň ösüş plastinalarynyň, ýagny bedenleriniň çäginde süňkleriniň ösýän parçalarynyň birikýän wagty bolup durýar.

 

Nähili-de bolsa ýollardyr usullar bilen, mysal üçin, göwrämi dogry tutmak üçin ýörite maşklar etmek arkaly, gerekli azyk önümlerini iýmek we goşmaça iýmit serişdelerini ulanmak ýaly usullar arkaly men boýumyň ösmegine we has uzyn boýly bolmagyma täsir edip bilerinmi?

Boýuňyzy ösdürmegiň, ýagny mümkin boldugyndan has uzyn boýly bolmagyň iň gowy usuly – saglygyňy aýap saklamak, gowy iýmitlenmegi üpjün etmek, kadaly esasda fiziki maşklar etmek we gowy uklap, ukyňy almak bolup durýar. Boýuň ösmegi üçin gowy iýmitlenmek gerek, ýöne çagalaryň aglaba köpüsi üçin iýmitlenme diňe iýmek-içmek bilen amala aşyrylyp, goşmaça iýmit serişdelerini ulanmak zerurlygy ÝOKDUR. Göwräni dogry tutmak – bu bir gowy zat, emma siziň boýuňyz diňe şunuň kömegi bilen ösmeýär ahbetin. Ynha, oýlanyp görüň: göwräni dogry tutmak siziň boýuňyzy uzaltmaýar, emma ol siziň boýuňyzyň uly bölegini düzýär. Boýuňyzy ösdürip, sizi has uzyn boýly etjekdigine kepil geçýän her bir önüme huşgärlik bilen garaň. Siz şeýle önümleri, ýagny ýüzünde köplenç ýaýyň içinde “stimulýator” sözi ýazylan "boýuňy ösdürýän gormon” atly girdenejikleri (tabletkalary) sagdyn iýmitlenme dükanlaryndan tapyp bilersiňiz. Emma bu durşuna ýalandyr. Boýuňy ösdürýän gormony girdenejikler (tabletkalar) görnüşinde asla tapyp bilmersiňiz. Gynansakda, şular ýaly erkin söwda çykarylýan önümler siziň pikir edişiňiz ýaly o diýen berk gözegçilikde saklanylmaýar. Hut şu sebäpden hem, siz önüm baradaky mahabatlary seresaplylyk bilen kabul ediň. Boýuň ösmeýänligine anyk we düýpli sebäpler bolan ýagdaýynda lukmanlar boýy ösdürýän gormony sanjym hökmünde almagy teklip ederler. Ýöne bu serişdäni hem kadaly esasda ulanyp durmaga endik edäýmeli däldir. Munuň netijesinde peýda boljak käbir gaýry üzülmeleriň arasynda süýji keseli we beýniň içindäki suwuklygyň köpelmegi ýalylary agzap bolar.

 

Men öz synpdaşlarymdan has gysga ýa-da has uzyn - bu meni biynjalyk edýär. Men näme edip bilerin?

Beýle ýagdaýy başyndan geçirýän ýeke bir siz dälsiňiz. Bu ýagdaý adaty bolýan, hem boýy gysga ýa-da uzyn bolan çagalara mahsus bir ýagdaýdyr. Şeýle-de bolsa siz özüňize baha bermegiň üstünde işläň, eliňizde baryny edip, özüňizi şu düşen ýagdaýyňyzdan daşlaşdyryp bilersiňiz. Bu ugurda uly üstünlige ýetmegiň usuly bolsa özüňize mahsus bolan güýçli taraplaryňyzy başgalara görkezmegi başarmakdyr. Özüňizde biynjalyk döredýän pikirden ünsüňizi sowup, ony siz nämelerde ökde bolsaňyz we näme etmegi halaýan bolsaňyz şoňa gönükdiriň. Eger-de siz sportda, tansda, sungatda, ýa diýeli, okuw dersleriňizde ökde bolsaňyz, ünsüňizi hut şol zatlara berseňiz gowy dälmi näme. Netijede, siz özüňize nä derejede ynamly garaýandygyňyzy duýýarsyňyz. Eger siziň boýuňyz ýaşdaşlaryňyza garanda kiçi bolsa, bu meseläniň çözgüdini tapmakda, ýagny uzynrak bolup görünmekde, iki jynsyň hem wekillerine aýakgaby kömek edip biler. Çagalaryň birnäçesi saçlaryny ýörite naçýos edip darap, uzynrak görünmegi başarýarlar. Ýöne, belki-de, siz hut açylýan "güllerdensiňiz". Wagtyň geçmegi bilen ynsanyň fiziki häsiýetleriniň özgerýändigini ýadyňyzdan çykarmaň!

 

Maşgalamyzda öz boýumyň hemmeleriňkiden has pes, ýa-da has uzynlygy barasynda men aşa alada etmelimikäm?

Egerde siziň boýuňyz ene-ataňyzyňyň ýa-da erkek we aýal doganlaryňyzyň boýundan has pes ýa has uzyn bolsa, onda lukmana ýüz tutuň. Siziň lukmanyňyz sizi pediatr endokrinolog diýlip atlandyrylýan ýörite boý meseleleri boýunça işleýän bilermeniň ýanyna ugratmalydygy ýa ugratmaly däldigi barada anyk karara geler.

 

Related Content