You are here

Köp sanly adamlar aşgazanda agyry ýa-da näsazlyk duýan wagtlary, munuň sebäbini nämedir bir zat iýeni üçindir (ýa-da iýmändigi üçin) diýip geçýärler. Emma munuň sowuklamadan başlap, nerw bozulmalaryna çenli köp dürli sebäpleri bolup biler. Şonuň üçin hem her ýagdaýda näme etmelidigini bilmeli.

 

Aşgazanda agyrynyň sebäpleri

Iýmit siňdirişiň bozulmagynyň gelip çykyşy ýürek bulanma, ögemek, iç geçme, aşgazan agyry we beýleki dürli zatlar bolup biler. Ýygy-ýygydan duş gelýän sebäpler:

  • Umumy ýokançlara bolan reksiýa (dümew, ýiti respirator keselleri);
  • Içege ýokançlary;
  • Aşgazan, içege, bagyr, öt halta agyrysy;
  • Ýiti körçege
  • Nerw faktorlary.

Bu sebäpleriň islendigi hem lukmana ýüz tutmaga esas berýär. Agyrynyň öz-özünden geçip gitmegine garaşmaly däl. Gowusy onuň çeşmesini anyklap, ol asla hiç wagt gaýtalanmaz ýaly etmeli.

 

Aşgazan nerw zerarly agyrýarmy?

Elbetde geň zat, emma iýmit siňdiriş agzalaryndaky bozulmalaryň aglaba göterimi, aýratyn hem uly synp okuwçylarda nerw faktorlary bilen şertlenendir. Daşary ýurt lukman pediatrlarynyň maglumatlaryna görä, mekdep okuwçylarynyň 10-dan 15 göterimine çenlisi newrogen ýa-da psihogen bozulmalaryndan ejir çekýärler. Bu bozulmalar şikeslerden, kesel ýa-da iýmit zerarly döremeýär.

Aşa agyr okuw sapaklary, bedeniň üýtgemegi bilen bagly dartgynlylyk, täze duýgular — bu zatlaryň ählisi şol sanda aşgazan agyrysyna we ýürek bulanma geçip biler. Bu ýagdaý rahatlanan badyňa aýrylyp gidýär.

Aşgazandaky agyrynyň gaýtalanyp durmagy newrasteniýa keselli ýetginjeklerde duş gelýär. Agyrynyň döreýän ýeri, görnüşi hemişe üýtgäp bilýär, kähalatlarda bu agyra döz gelseň bolýar, kähalatlarda bolsa, agyry şeýle bir ýiti welin, asla hereket etmäge gurbatyň bolmaýar. Kähalatlarda bu agyry döränden soň hroniki gastrit ýa-da aşgazan ýazwasy ýaly keseliň ýitileşen ýagdaýyny ýada salyp biler, emma keselleriň arasynda hiç hili baglanyşyk ýok, näsaglar hem islän zatlaryny iýip bilýärler.

Tolgunmada, nerw dartgynlylygynda, maşgala we beýleki dawalarda bu agyrylar güýjäp bilýär.

 

Işdäň bolmazlyk

Ene-atalar köplenç çagalarda aşgazandaky agyryny «ýene-de mekdepde hiç zat iýmändir» diýip düşündirýärler. Bu hemişe dogry däl. Ýöne kähalatlarda asla hiç zat iýesiň gelmeýär. Hatda nämedir bir zatlar ýöne bir çeýnemek hem uly bir gahrymançylyk bolup görünýär.

Işdäniň gysga wagtlyk ýitmegini dürlüçe düşündirip bolýar we ol az üns talap edýän hasaplanylýar. Emma işdäsizligiň uzak dowam edip, asla ýitme derejesine çenli gelmegi welin ýetginjegiň iýmitlenmegine düýpli täsir edýär we aýratyn ähmiýete eýedir.

Işdäniň mese-mälim pese düşmegi — anoreksiýanyň alamaty. Umumy sebäplerden başga-da (hroniki ýokanç, intoksikasiýa, diateza, witamin ýetmezçiligi, soguljan keseli, agyr aşgazan-içege keselleri we beýlekiler), newroz ýagdaýlarda hem duş gelip biler. Işdäniň durnukly peselmeginden başga-da, bu ýagdaýlarda başaýlanma, kelle agyry, ýürekde agyrylar, rahatlykda ýürek urgulary, aýbaşynyň bozulmagy hem duş gelip bilýär. Şeýle hem işdäniň günüň dowamyndaky üýtgemegi bolup biler: bir zatlar iýmek isleginiň düýbünden ýok bolmagyndan işdäniň aşa ýokary galmagyna çenli.

 

Duýgularyň taplanmagy we ýürek bulanma

Parahat ýetginjeklere garanyňda, duýguçyl ýetginjeklerde ýürek bulanma we ögeme has ýeňil we has düýpsüz sebäplerden hem ýüze çykýar. Diňe bir gahar, agyry, gorky, howsala duýgulary däl, eýsem, eger ýeterlik derejede ýygy-ýygy-dan ýüze çykýan bolsa, hatda položitel duýgular hem onuň gönüden-göni sebäpleri bolup biler. 

Barlag işleri we synaglar — aşgazanda biynjalyklyk duýgusynyň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri. Kähalatlarda bu ýagdaý sary gaýnama bilen hem gezekleşip biler, kähalatlarda bu asla kösençli hem bolup biler. Adatça bu ýagdaý ertirlerine ýüze çykyp, alada galanyňda, dessine ýeriňde galanyňda güýçlenýär, howa basyşy üýtgäp duranda seýrek ýagdaýda ýüze çykyp bilýär. Ukynyň we işdäniň bozulmagy, teşnelik, horlanmak, ýürekde ýakymsyz duýgular we agyrylar, ýürek urgusy, baş aýlanma ugurdaş biynjalyklyklar bolup biler.

 

«Nerw zerarly» ýene-de nämeler bolup biler?

Nerw dartgynlylygy gyzylödegiň, garyn içegäniň, ýogyn içegäniň, öt ýollarynyň işiniň ençemesiniň bozulmasyna getirip biler.

Gyzylödegiň gysylmagy (gyzylödegiň spastiki diskineziýasy) — iýmit wagtynda döşüň içki böleginde agyryly duýgularyň döremegi bilen gyzylödegiň muskulaturasynyň dürli ýerlerinde gysylmagy. Adatça gyzylödegiň gysylmagy suwuk däl-de, gaty gury iýmit ýuwdulanda ýüze çykýar. Kähalatlarda gägirme, sary gaýnama ýa-da ögemek ýagdaýlary duş gelýär.

Aşgazanyň funksional bozulmalary (syzýan, gyjynýan aşgazan). Bu ýagdaýda esasy arz — podložka ýerlerinde agyryly, basýan, gysylýan ýa-da burgy ýaly agyrylar bolup durýar. Ol köplenç agşamlaryna ýa-da günüň birinji ýarymynda ýüze çykyp, iýmit kabul etmek bilen hemişe bagly bolup durmaýar.

Şol bir wagtda köplenç wegetatiw nerw ulgamynda dürli bozulmalar ýüze çykýar: aşa köp der bölüp çykaryş, ýürek urgy, arterial basyşyň durnuksyz bolmagy, temperatura we beýlekiler. Ýeňil duýgulanýan ýetginjeklerde emosional we akyl agramy düşende aşgazan agyrysy bilen bir hatarda ýürek bulanma, güýçli sary gaýnama, turşy suwuklykly ögeme, içiňi ýaryp barýan ýaly duýgy, içegäniň gazlar bilen dolmagy duş gelip biler.

Aşgazandaky duýgular. Haýsy hem bolsa bir keselden soň gowşan ýa-da asteniki konstitusiýasy bolan — ýeňil agram, döş kapasasynyň dar bolmagy, gowşak ösen muskulatura — çagalarda we ýetginjeklerde tiz ýadamaklyk, ukynyň bozulmagy, kelle agyry, şähdiň peselmegi, kähalatlarda bolsa, az ganlylyk bilen bir hatarda aşgazanda haýal hereket duýgusy hem seýrek bolmadyk ýagdaýlarda ýüze çykarylýar.

Gyzlar bu keselden oglanlara görä, ýygy-ýygydan ejir çekýärler. Iýmitden soň agyrlyk, basyş duýgulary olary bimaza edýär, gägirme, ögeme ýaly duýgular ýüze çykyp bilýär. Aşgazanyň haýal işjeňliginiň netijesinde iýmit ol ýerde köp saklanýar we gägirme zaýalanan ýumurtganyň ysy ýaly ýaramaz ysa eýe bolýar. Näsaglar köplenç iç gatamadan ejir çekýärler.

Ýogyn içegäniň diskineziýasy. Kähalatlarda ýetginjek ýaşlarda aşgazanyň funksional bozulmalary bilen utgaşyklylykda duş gelýär. Elmydama wegetatiw nerw ulgamynyň, newrotik ýüze çykmalaryň (howsalalyk, galagoplulyk, durnuksyz şäht, seýrek gynanç, ýokarlandyrylan müňkürlik, temperaturanyň durnuksyzlygy) dürli bozulmalary bolan ýagdaýynda ýüze çykýar.

Bu kesel ýogyn içegäniň dürli ýerlerinde döreýän agyrylar bilen häsiýetlendirilýär, düşnüksiz, ýiti ýa-da sançýan agyrylardan başlap, aşa ýiti, burgy görnüşli, dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe sagada we ondan hem uzaga çekip bilýän agyra çenli üýtgäp durýar. Agyrylar wagtlaýyn aýrylyp, soňra ýene-de dolanyp bilýär. Ýetginjek aşa tolgunanda agyrylar güýjeýär, bedene ýaýraýar, aşgazan agyry, gägirme we ögeme bilen utgaşýar.

Ýetginjek parahat ýagdaýda bolanda agyryly ýagdaýlar seýrek hasaba alynýar, gowşaýar we belli bir wagtlyk asla ýitirim bolup bilýär.

Öt ýollarynyň diskineziýasy. Bu mesele irki çagalyk ýyllarynda hem duş gelip bilýär, ýöne ol köplenç uly synp okuwçylarda we duýguçyl, tolgunma ýeňil sezewar bolýan ýigitler we gyzlarda duş gelýär. Esasy ýüze çykýan alamatlary — sag gapyrgastynda — öt haltanyň ýerleşýän ýerinde agyry. Agyry duýgulary adatça kadaly, yzladyjy bolup, birnäçe sagatdan birnäçe güne çekip bilýär. Kähalatlarda agyry güýçlenip, burgy görnüşlä geçip, sag pilçä ýa-da  oňurga geçip bilýär. Bu ýagdaý gysga wagtlyk dowam edýär, ýöne gaýtalanyp hem bilýär.

Elbetde, bu ýagdaýda lukman ýiti holesistiti ýa-da hroniki ýitileşmäni aradan aýyrmaly. Bu ýagdaý stasionar şertlerinde uly kynçylyk döretmeýär.

 

GEÇIŞ

Ene-atalar şuny hökman bilmelidirler, ýagny dürli görnüşli aşgazan-içege bozulmalary (galyberse-de, ýürek-damar) has ýygy-ýygydan ýüze çykýan newrozly ýetginjekler, ilkinji nobatda, hünärmeniň maslahatyna mätäçdirler. Şeýle hem dogry zähmet we dynç alyş düzgünlerini berjaý etmek, kadaly uky wagt kesgitlemek, okuwdan we okuwdan soňky goşmaça işlerden boşadylmak olara zerurdyr.

Kadaly hem-de yzygiderli iýmitlenmek, kadaly ukyňy almak, iň bolmanda, 1-2 sagat arassa howada bolmak, möwsümleýin witaminler peýda getirer. Zyýanly endiklere garşy mümkin bolan ähli usullar bilen göreşmeli we çagalara dogry görelde görkezmeli.