Howa sowap ugrandan, köpler burnuny çekip, asgyryp başlaýarlar. Özlerinde ýüze çykýan keseliň beýleki alamatlaryny duýup başlaýarlar. Ýöne haýsy keseliň? Sowuklamamy? Dümewmi? Ýiti respirator wirusly keselmi? Anginamy?
Ýokarda agzalan keselleriň haýsysynyň hut size “hüjüm” edendigini anyklamak, hatda lukmanlar üçin hem aňsat däl. Bejergi, bedeniň çalt gutulmagy bolsa, keseliň dogry kesgitlenilmegine bagly ahyryn.
Geliň, bulardan baş çykaralyň!