Go Back Go Back
Go Back Go Back

Neşekeşlik — çaganyň çagalyk däl keseli

Neşekeşlik — çaganyň çagalyk däl keseli

News

Neşekeşlik — çaganyň çagalyk däl keseli

calendar_today 28 March 2022

Neşekeşlik — gorkunç fenomen. Çünki, bu ýerde  gürrüň aňyň üýtgeme ýagdaýyny gazanmak maksady bilen dürli usullar arkaly (ýuwutmak, dem bilen sormak, sanjym etmek) neşe serişdelerini ulanmaklyga bolan azaply ymtylyş barada gidýär.

Aýratyn hem, şular ýaly ýagdaýa ýetmäge ýetginjekler ymtylýar. Öz-özüňden üýtgemek ýagdaýa düşmek neneňsi — bu ýetginjekler üçin gyzykly. Netije seýrek ýagdaýda garaşylyşy ýaly bolýar.

Üstesine hem, beden üçin weýrançylyklydyr. 

 

Ýetginjekler näme üçin neşe serişdeleri bilen gyzyklanýarlar?

Ýetginjekleriň neşe serişdelerine ýüz urmasynyň birnäçe sebäpleri bar:

- bilesigelijilik

- kimdir birine meňzejek bolmaklyk

-  ,,ýetişenlik,, , ,, özbaşdaklyk,, , nämedir bir zatlary subut etjek bolmaklyk.

 

Ýetginjegiň ösüp barýan  aňy üçin täze tejribe toplamak mümkinçiligi, köplenç,  hatda  gazanjak  tejribesi  saglyk üçin zyýanly bolsa-da beýleki sebäplerden rüstem gelýär Çünki, gyzykly ahyryn.

Galyberse-de, kinodyr estrada  ýyldyzlarynyň  käbiri neşe serişdelerine doly berilmese-de, birki gezek ony ulanandygy barada «boýun alýarlar» hem-de üstünlik gazanmaklaryny dowam edýärler. Göwnüňe, munda howply näme bolup biler? 

 

Ýöne welin: bolup biler, özem howply!

Howp nämede?

Neşekeşligi nähili atlandyranyň tapawudy ýok — endikmi ýa-da kesel. Kesel bilen deňeşdireniňde zyýanly endigi ýeňmek aňsat ýalydyram welin, her näme bolanda-da neşekeşligiň netijesi gözgyny. 

Çünki, neşekeşlik endigi örän tiz wagtda agyryly islege öwrülýär. Neşe serişdelerine baglylyk hemişelik bolup, psihiki we fiziki baglylygyň emele gelmegi üçin birki gezek kabul edeniň ýeterlik.  

Bu ýagdaýda bedeniň kadaly işlemegi üçin neşekeş her gezek kabul edýän serişdesiniň mukdaryny köpeltmeli bolýar – neşesiz ol işläp bilmeýär. Ahyry bir gün beden bu zorluga we hemişelik zäherlenmä çydamaýar.

 

Neşekeşligiň ösüş tapgyrlary

  1. Başlangyç tapgyr – psihiki baglylyk emele gelýär. Bedeniň neşe serişdelerine bolan durnuklylygy artýar, neşe serişdesini kabul edende adam özüni rahat duýýar.
  2. Ýaýbaň tapgyr – fiziki baglylyk ösýär. Neşe serişdelerine bolan höwes psihiki taýdan üstün çykyp bolmajak derejede bolýar, abstinent ýagdaý döreýär, depresiýa, biynjalyklyk, gorky, esassyz gahar, daş-töweregiňdäkilere gazaplylyk, ukusyzlyk ýüze çykýar. Hemişe iç geçme ýa-da tersine iç gatama, myşsalarda we süňklerde guragyry, gaty seslere bolmazlyk, hereketiň tagaşyksyzlygy, şahsyýetiň zaýalanmagy (neşe serişdesini kabul etmese, adam ölüp hem bilýär),  janyňa  kast etmek ýagdaýlary bolýar.

 

Neşe serişdelerini kabul etmegiň netijesi

Şahsyýetiň üýtgemegi

Psihiki we fiziki garaşlylykdan başga ýagdaýda neşe serişdelerini kabul etmeklik bedeniň ýaşaýyş prosesleriniň ählisiniň düzedip bolmajak derejede bozulmalaryna hem-de neşekeşiň doly derejede daşlaşdyrylmagyna getirip bilýär. Bu ýagdaý neşekeşiň öz durmuşyny-da, töweregindäkileriň durmuşyny-da çydap bolmajak hala getirýär. Iň soňunda-da öldürýär.

Bedeniň neşe serişdesi bilen elmydama zäherlenip durmagy nerw ulgamynda dikeldip bolmajak üýtgeşmeleri döredýär, şahsyýeti dargaýar. Neşekeş ahlaklylyk we özüňe erk etmeklik duýgularyny ýitirýär. «Gowy» we «erbet» diýen düşünjeler bulaşýar.

Bihaýalyk, töweregiňdäkilere hemişe ýalan sözlemeklik döreýär, durmuşdaky ähli pikir-hyýallaryň neşe serişdesini kabul etmek bilen bagly bolýar. Adama garyndaşlyk duýgulary, gowy görmek ýaly duýgular, hatda käbir tebigy häsiýetli gyzyklanmalar hem ýat bolýar.

 

Maliýe  meseleler

Neşekeşler kellesiniň hemişi bulaşyklygy ýa-da başgaça aýdylanda, dargamagy sebäpli fiziki taýdan ne işläp bilýärler, ne-de okap bilýärler. Şonuň üçin-de olar köplenç işlemeýärler we garyndaşlarynyň, olara biparh garamaýan adamlaryň eklenjinde ýaşaýarlar.

Neşe serişdelerini elmydama tapyp durmak zerurlygy, olaryň mukdary, degişlilikde bolsa, bahasy her gezek ýokarlanýar. Neşekeşleriň köpüsi kanuny bozmaga baş goşýarlar: ogurlyk, dermanhanalary talamak, lukmanyň görkezmesini galplaşdyrmak, azgynlygyň we ahyrynda ganhorluk ýagdaýlarynyň sany artýar.

 

Fiziki üýtgeşmeler

Neşe serişdelerini kabul etmeklik bedeni arrykladýar, agramyň ýitirilmegine we  fiziki güýjüň peselmegine getirýär. Deri örtüginde hem üýtgeşmeler bolup geçýär: derisi solýar, guraýar we öçügsi hala gelýär. Deňagramlylyk we hereket sazlaşygy  bozulýar, daşyndan alkogol içgiden serhoş bolana meňzeýär. 

Içki synalar ejir çekýär, has hem böwrek we bagyr.  Neşeleri wenanyň içine hapa iňňeden we şprisden goýberýän neşekeşlerde deride gatamalar, trambozalar, wenanyň çişmegi duş gelýär. Neşekeşleriň arasynda dürli ýokanç keseller, mysal üçin, gepatit hem seýrek däl.

Köplenç, neşekeşlerde neşäniň artyk kabul edilmegi duş gelýär. Netijede – agyr zäherlenme, samrama, koma ýagdaýy ýüze çykýar. Dem alşyň, ýürek urşunyň wagtlaýyn togtamagy ýa-da gaýtarma pursatynda, massanyň dem alyş ýollaryna düşmegi arkaly  adam ölüp bilýär. 

 

Neşekeşe daş-töweregindäkiler nädip kömek edip biler?

Ene-atalar we mugallymlar diýseň giç — eýýäm, ýetginjegiň işe we okuwa, ýakynlaryna we dost-ýarlaryna  bolan gyzyklanmasy ýitenden soň,  neşe serişdelerine ýüz urandygyny bilip galýarlar. Şol bir wagtda bolsa, ýetginjek öz halyna baha berer ýagdaýdan geçýär.

Ýetginjegiň kadaly durmuşa gaýdyp barmagy üçin oňa hökman kömek etmeli. Elbetde, gürrüň tapdan düşen bedeni gurplandyrmak we ony agyryly haldan alyp çykmak üçin  lukmançylyk  kömegi barada hem barýar.

Ýöne ýetginjegiň töweregindäkileriň, onuň dogan-garyndaşlarynyň, dostlarynyň, tanyşlarynyň edip biljek ýardamy jemgyýetçilik kömegine uly goşant bolup biler. Çünki, neşekeşe sosil-öz-özüni alyp baryş kadalaryny, daşky dünýä bilen gatnaşyk etmegi we onda öz ornuny tapmagy täzeden öwretmek gerek.  

Bagtymyza, neşekeşlik ýetginjekleriň arasynda örän seýrek ýagdaý. Sebäbi neşe serişdeleri örän gymmat we ony satyn almak örän kyn.

Emma munda başga-da bir howp bar — ýaşlar elde ýasalan ýa-da o diýen gymmat bolmadyk pes hilli serişdeleri kabul edýärler.

Möhüm zatlaryň biri, çagany neşekeşlik diýen fenomen baradaky maglumatdan çetde saklamaly däl-de, oňa neşe serişdelerini kabul etmekligiň howpuny düşündirmeli we neşe serişdelerini kabul etmegiň geljekki zyýanlary barada düşündirmeli. Netijede, ol ähli maglumatlary doly bilip, öz geljegini we ömrüni kesgitläp biljek çözgütleri kabul etmeli.