Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Erkekler hem

Erkekler hem

#ErkeklerHem kampaniýasy barada

Erkekler we oglanlar - zenanlar we gyzlar bilen bilelikde gender deňliginiň ösmegine goşant goşýarlar. Gender zorlugyny bes etmek, nesil we reproduktiw saglygy we hukuklary öňe sürmek, maşgalany meýilleşdirmek we maşgala merkezli syýasatlary goldamak bilen baglanyşykly meseleler gepleşik we özara goldaw arkaly çözülmeli. 

Türkmenistanda erkekleriň gatnaşmagy - UNFPA-nyň goldawy bilen işlenip düzülen we 2021-nji ýylda bäş ýyl möhlet bilen başlanan Türkmenistanda gender deňligi boýunça ikinji milli hereketler meýilnamasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

UNFPA Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde 2021-2025-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk meýilnamanyň çäklerinde gender zorlugynyň öňüni almaga; şeýle hem döwlet işgärleri we okuw edaralary üçin niýetlenen gender deňligi babatdaky okuw meýilnamasyny işläp düzmäge we başga hem köp işlerde aýratyn goldaw berýär. 

#ErkeklerHem kampaniýanyň bu sahypasy UNFPA-nyň sebitleýin platformasyna goşant bolup, syýasatşynaslar, gender deňligini öňe sürmek ugurdaky hyzmatdaşlar, esasan hem Türkmenistanda erkekleriň we oglanlaryň gender deňligini öňe sürmek üçin çeşme hökmünde ulanyp biljek goldanmalar, usulyýetler, subutnamalar we pikirler toplumydyr. 

Biziň neşirlerimiz şu üç ugur boýunça kampaniýalary we wakalary baradaky habarlardan, derňew işlerden, ara alyp maslahatlaşmak üçin makalalar, wideolar we söhbetdeşliklerden ybaratdyr:

Meýilleşdirilmedik göwreliligiň öňüni almakda, enäniň we bäbegiň idegini üpjün etmekde, hem-de ýan-ýoldaşy hökmünde aýalynyň saglygyny goramakda erkekler wajyp orny eýeleýärler. Köp halatda jynsy we reproduktiw saglyk baradaky gepleşiklerden erkekleri aýyrýarlar. Köp zenanlar we erkekler üçin şeýle gürrüňler utançly we oňaýsyz ýaly görünýär. Emma ähli dillerdäki söýgi kasamlarynda şu sözler gaýtalanýar “keselçilikde hem sagdynlykda, gynançda we begençde.”. Çaganyň dogulmagy bilen bagly begençli ýagdaýda, maşgala durmuşyny meýilleşdirmegiň begençli pursatlarynda, keselleriň bejerilmeginiň begenjinde. Erkekler hem söýýän ýakyn adamlary baradaky aladalaryň begenjini başdan geçirmek isleýärler ahyryn!

Reproduktiw saglyk näme? Men sagdynmy? Meniň maşgalam sagdynmy? Bu zatlaryň täsiri barmy? Men nirede öz saglygymy barladyp bilerin? Men bu maglumatlar bilen näme etmeli? Bu soraglara jogap tapan erkekler diňe bir maşgalasyna ýakyn bolman, olar islendik wagtda islendik meseläni gürleşmäge, kömek etmäge we goldaw bermäge ukyply bolýarlar. 

Men can play an important role in preventing unwanted pregnancies, providing care for mothers and newborns, and safeguarding women's health. But only if they know how. Often men are excluded from the dialogue about sexual and reproductive health.  Even today many women and men mistakenly consider these conversations embarrassing and awkward. However, in all vows of love in all languages, it is repeated "in sickness and health, in sorrow and in joy." In the joy of having a child, in the joy of planning the family, in the joy of recovering from a disease. After all, men also want to experience the joy of caring for their loved ones.

What is reproductive health? Am I healthy? Is my family healthy? What does this affect? Where can I get a check-up? What should I do with this information? Having the answers to these questions, men not only become closer to their family, they become strong allies who openly discuss, help and support. 

Adaty gender rollary erkek adamyň maşgala durmuşyna doly gatnaşmagyna we çagalaryny terbiýelemegine päsgel berýär. Jemgyýetde erkegiň kabul edilen ekleýji” roly, olara maşgalasy barada ideg edýän kaka we är bolmaga mümkinçilik bermeýär, sebäbi “ekleýji” maşgalanyň idegi däl-de, maşgalasynyň maddy hal-ýagdaýynyň üstünde işlemek bilen hemişe meşgul bolmaly diýen düşünje bar. Şol wagtda bolsa çaga ideg etmek we öýüň işlerini etmek esasan aýallaryň paýyna düşýär. Aýalyň karýerasyny ösdürmäge we hünär taýdan kämilleşmegine mümkinçiligi we islegi bolan döwürde şeýle başyna düşýän jogapkärli paýy göze görünmeýän päsgelçilikleri döredýär, maşgala we çaga edinmek islegine ep-esli täsir edýär.

2019-njy ýyldaky maglumatlara laýyklykda Türkmenistandaky kakalaryň 7%-i 1 ýaşdan 2 ýaş aralygyndaky çagalary bilen 4 we ondan köp işi ýerine ýetirýärler, şol sanda oýun oýnamak, bilim bermek we ideg etmek. 2-den 4 ýaş aralykdaky çagalylar üçin bu san 12%. Görüşimiz ýaly, az sanly kakalar öz ogullary we gyzlary bilen wagt geçirýärler. 

Ýöne bu görkezijiler kakalaryň öz çagalary bilen wagt geçirmek islemeýändigini aňlatmaýar! 

 

Derňewlere laýyklykda, çagalary bilen köp wagt geçirýän kakalar aýaly we çagalary bilen has berk emosional baglanşyk gurýarlar, olaryň ömri uzaýar. Munyň üçin kakalar öz maşgalasyna ýakyn bolmaklygy özbaşdak karar bermeli. #ErkeklerHem platformasy bellenenleri nädip amala aşyrmalydygyny kakalara we ejelere görkezmek üçin döredilen. 

Traditional gender roles prevent a man from fully participating in family life and raising children. The socially acceptable role of the “breadwinner” does not allow them to be caring fathers and spouses, because the “breadwinner” is busy with the financial well-being of the family, and not the family itself. At this time, caring for a child and maintaining a home life mainly falls on the shoulders of women. Today we live in a world where a woman has the opportunity and ambitions to build a career and develop professionally, and such unequal distribution of responsibilities at home creates invisible obstacles and significantly affects the desire of a woman to have a family and children.

As of 2019, only 7% of fathers in Turkmenistan take on four or more activities with children aged 1 to 2, including play, education, and care. For fathers who are engaged with their children aged 2 to 4 years, this figure is 12%. Despite such low figures, it doesn't mean fathers don't want to spend time with their kids.  

Research shows that involved fathers feel more emotionally connected to their spouses and children and that they live longer.  If given the right opportunities, fathers need to make the right choices to get closer to their families.  The MenEngage platform will support men to become more engaged fathers and involved caregivers.  

Kakalaryň öz maşgalasyna we çagalaryna ýakyn bolmagynyň bähbitleri baradaky iň täze gözlegler, gurallar, neşirler we hasabatlar bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz:

Hemmämiziň bilşimiz ýaly – “Erkegiň borjy...”, “Aýalyň borjy...” ýaly gender stereotipleri bar. Bu stereotipleriň biziň durmuşymyza oňaýsyz täsir ýetirýändigini hem bilýäris: olar erkek we aýallar üçin göze görünmeýän çäklendirmeleri goýýar, bu çäklendirmeler köplenç bir birege ýardam bermäge hem päsgel berýär. 

Zenanlaryň we gyzlaryň jemgyýetdäki roly baradaky şeýle garaýyşlar we stereotipler çuňňur kök uran sosial kadalara ornaşypdyr we zorlugyň medeni we jemgyýetçilik taýdan kabul edilmegine sebäp bolup biler.

Erkekleriň we oglanlaryň bu meselä işjeň gatnaşmagy gender deňligini öňe sürmegiň möhüm usulydyr. Gender deňligi şahsyýetleriň durmuşda, gatnaşyklarda hem-de jemgyýetde güýjini görkezişi we özünde duýuş usulyny üýtgetmegi göz öňünde tutýar. Gender deňligini durmuşa geçirmek hem zenanlara hem-de erkeklere deň derejeli durmuş saýlawlaryny we jemgyýetdäki gatnaşygyny üpjün edip, hemmeler üçin bähbitli bolar.

Bu #ErkeklerHem platformasy erkekleri we oglanlary gender deňligi ösdürmäge, medeniýetimizde we jemgyýetimizde bar bolan oňyn gymmatlyklary wagyz etmäge we has deň we gülläp ösýän jemgyýet gurmak üçin goşmaça ädim ätmäge çagyrýar.

Oňyn gender tejribeler baradaky iň täze gözlegler, gurallar, neşirler we hasabatlar bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz: