Go Back Go Back
Go Back Go Back

Young people

Jynsy terbiýe barada iň ýygy berilýän soraglar

News

Jynsy terbiýe barada iň ýygy berilýän soraglar

calendar_today 22 March 2022

Jyns terbiýe möhümmi?

Hawa. Jynsy terbiýe örän möhümdir. Şonuň üçin oňa diňe ene-atalar däl, mugallymlar, lukmançylyk işgärleri we hukuk goraýjy edaralar hem gatnaşýarlar.

Galyberse-de, jynsy terbiýe ahlak, etika, arassaçylyk, saglyk, jemgyýetçilik we hukuk kadalary, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar we başga-da köp bilim ulgamyny öz içine alýar. Bu maglumatlar bilen çagalar we soňra ýetginjekler has ynamly bolýarlar we köp meseläni aňsatlyk bilen tanap bilerler we irki döwürde öňüni alyp ýa-da çözüp bilerler.

Ene-atalar üçin — çagalar hem-de dyrnak gemirmek endigini aýyrmak barada

News

Ene-atalar üçin — çagalar hem-de dyrnak gemirmek endigini aýyrmak barada

calendar_today 25 November 2021

Dyrnaklaryňy gemirmek — bu dürli ýaşdaky adamlarda duş gelýän ýaramaz endikdir. Emma köplenç bu endik çagalykdan gözbaş alyp, newrotiki bozulmalara esaslanyp bilýär. Şunuň netijesinde köp sanly adamlar bu ýaramaz endikden ulalansoňlar hem ejir çekýärler. Wagtyň geçmegi bilen ol endige öwrülýär we dyrnagyny gemirýän adam muňa asla aň etmeýär. Ene-atalar çagalaryny bu endikden nädip goramaly?

Tiz usullar barada

Maşgala iki sany deň adamdan başlaýar

News

Maşgala iki sany deň adamdan başlaýar

calendar_today 30 March 2022

Maşgala iki sany deň adamdan başlaýar

''Maşgala jemgyýetiň öýjügi'' diýen düşünje häzirki wagtda dünýäniň ähli künjeklerinde möhümdir. Näme üçin? Maşgalada çagalar dünýä inýär, bu ýerde dünýä we ondaky orny barada esasy bilimleri alýarlar, özleri we beýleki adamlar bilen aragatnaşyk saklamagy öwrenýärler. Maşgala eýýäm iş ýaşyny terk eden garry garyndaşlary barada alada edýär.

Dürli ýaşdaky zenanlaryň saglygy (20 - 55)

News

Dürli ýaşdaky zenanlaryň saglygy (20 - 55)

calendar_today 26 March 2022

Hemmeleriň öz saglygy barada alada etmegi wajypdyr. Onuň üçin bolsa saglygyňa howp salyp biljek sebäplere üns bermekden başlap, ömrüňiziň her tapgyrynda saglyk barlaglaryndan geçmegiň zerurlygyny ýatda saklamalydyr.

 

Saglyk barlaglaryndan geçmek zerurdyr - haýsy ýaşda we haýsylardan geçmeli

Näme üçin ene-atalar ýetginjek çagalary bilen aragatnaşygy ýola goýmaly?

News

Näme üçin ene-atalar ýetginjek çagalary bilen aragatnaşygy ýola goýmaly?

calendar_today 24 March 2022

Ene-atalaryň çagalary bilen gatnaşyklarynyň näderejede ýakyndygyna garamazdan, bu gatnaşyklara sowuklygyň aralaşýan pursatlary bolýar. Çagalar ulalýar, özbaşdak bolýarlar, aragatnaşyk edýän gurşawlarynyň gerimini giňeldýärler. Ene-atalar bolsa özlerini çagalarynyň durmuşynda esasy şahs bolmagyndan aýrylyp, olaryň durmuşyndaky adaty adamlaryň biri bolup başlaýarlar. Bu sowuklygyň düýpsüz gorpa ösüp, maşgala agzalarynyň onuň garşy tarapynda galmazlygy üçin aragatnaşygy gaýtadan ýola goýmaly. Ýöne bu gezek «jahyl-jahyl» görnüşinde ýola goýmaly.

 

Gün tertibi — ýetginjekler üçin hroniki ýadawlykdan dermandyr

News

Gün tertibi — ýetginjekler üçin hroniki ýadawlykdan dermandyr

calendar_today 01 October 2021

Bu teksti okamak üçin Siz 7 minutdan köp wagt sarp etmersiňiz. Ulaldykça ýetginjekler gyzyklanmalarynyň çägini, işjeňlik ugurlaryny giňeldýärler we çagalar üçin gün tertibiniň çägi olar üçin daralýar. Naharlanmak kadaly bolmaýar, uka az wagt sarp edilýär, mekdepdäki ýumuşlar bolsa barha artmak bilen bolýar. Ýetginjekler bu döwürde nädip sagdynlygyny hem işjeňligini saklap galmaly? Munda size oýlanyşykly işlenilip düzülen gün tertibi kömege geler. Oňa köp zat baglydyr: çaganyň şähdi, saglygy, sazlaşykly ösüşi we boý almagy, fiziki işjeňligi, okuwy.

Ýetginjekler üçin sporty nädip saýlamaly we nämä üns bermeli?

News

Ýetginjekler üçin sporty nädip saýlamaly we nämä üns bermeli?

calendar_today 13 September 2021

Irki ýaşda çagalar üçin sport seksiýalaryny adatça ene-atalary saýlaýar. Elbetde, bu ýeňil iş däl, çünki bu ýagdaýda hem geljekki türgeniň başarnygyny, hem ene-atanyň onuň saglygy baradaky aladalaryny nazara almaly bolýar. Çaga ýetginjek ýaşdaka onuň bir zat bilen meşgullanmagy üçin fiziki işjeňlik tapyp bermek örän möhümdir. Sport gurnagyny saýlamakda nämä üns bermeli, ýetginjegiň sporta bolan gyzyklanmasyny nädip bahalandyrmaly ýa-da asla oňa fiziki agram ýüklemek gerekmi?

 

Iň gowusy irki ýaşdan başlamak

Ýetginjek bilen kontrasepsiýa (goranmak) hakynda nädip gürleşmeli?

News

Ýetginjek bilen kontrasepsiýa (goranmak) hakynda nädip gürleşmeli?

calendar_today 18 March 2022

Siziň ýeterlik aň-düşünjeli ene-atadygyňyza, perzendiňiziň bolsa, çagalaryň nireden alynýandygyny bilýän perzentdigine garamazdan, onuň bilen çagalaryň peýda bolmagyndan nädip goranmalydygy hakynda gürleşmek ýeňil düşmez. Ejelerdir kakalaryň göwnüne ýetginjekler kontrosepsiýa (goranmak) hakynda eýdip-beýdip özleri akyl ýetiräýjek ýaly. Kontorsepsiýanyň bardygy hakynda gürrüňdeş bolup bolar, emma onuň näderejede möhüm zatdygy hakynda welin gürrüň edilýändigi belli däl. Çünki bu meselede esasy maglumat çeşmesi bolup özge bir ýetginjek çykyş edýär.

Durmuş hekaýasynyň başlanýan ýerinde – Halkara göbek eneler gününe

News

Durmuş hekaýasynyň başlanýan ýerinde – Halkara göbek eneler gününe

calendar_today 20 October 2021

Durmuş hekaýasyny her ynsanyň özi ýazýar. Bir hekaýada baş gahryman ene-ata bolsa, beýlekide awtoryň iň ýakyn dosty baş keşpde sahna çykýar.

Emma bu hekaýalaryň ählisiniň başlangyjynda üýtgemeýän ýekeje esasy gahryman bar – göbek ene. Şu gün, ýagny, 5-nji maýda tutuş dünýäde göbek eneleriň güni bellenilýär.

Koronawirus, ýagny COVID-19 boýunça göwrelilik, çaga dogluşy we iýmitlendirmek bilen baglanyşykly ýygy-ýygydan berilýän sowallar.

News

Koronawirus, ýagny COVID-19 boýunça göwrelilik, çaga dogluşy we iýmitlendirmek bilen baglanyşykly ýygy-ýygydan berilýän sowallar.

calendar_today 07 February 2022

Koronawirus, ýagny COVID-19 boýunça göwrelilik, çaga dogluşy we iýmitlendirmek bilen baglanyşykly ýygy-ýygydan berilýän sowallar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) bu sowallara takyk jogap taýýarlapdyr. Diňe BSGG tarapdan gelyän maglumatlara üns beriň, başga çeşmelerden gelýän nädorgy maglumatlardan ägä boluň!

 

COVID-19 keseli bilen kesellän göwreli zenanlar aýratyn ýokary howp astyndamy?