Go Back Go Back
Go Back Go Back

Young people

Ýetginjekler we alkogol — ýaramaz sazlaşyk

News

Ýetginjekler we alkogol — ýaramaz sazlaşyk

calendar_today 07 March 2022

Ýetginjekler we alkogol — ýaramaz sazlaşyk

Tomsuna şüweleňlerde dynç alyp, dostlaryň bilen wagtyňy geçiresiň gelýär. Köplenç bolsa bu hili şagalaňyň hemrasy alkogol bolýar. Ýoldaşlaryň bilen alkogolly içgileri içmeklik — bu mertebe meselesi. Ondan hemmeler ýüz dönderip bilmeýär. Ýogsa näme, çaga ýa özüni oňarmaýan däl ahyry. Galyberse-de, gadagan edilen zat süýji bolýar. Geçiş döwri — ýetginjegiň daşky täsirlere has köp düşüp biljek ýeňil bolmadyk döwrüdir. Şonuň üçin hem şu döwürde ýetginjekler dürli hili endiklere ýeňil baglanýarlar.

Irki jyns ýetişikliligi — howpsuzlygyň ähmiýeti

News

Irki jyns ýetişikliligi — howpsuzlygyň ähmiýeti

calendar_today 06 December 2021

Ýetginjeklik döwri her bir ýetginjek üçin ömrüniň jogapkärçilikli hem ýeňil bolmadyk tapgyrydyr. Bu döwürde özüňe hem-de daş töweregiňe bolan garaýşyň üýtgeýär. Duýgular joş urýar, öz-özüňi ykrar etdiresiň gelýär, ýetişenligiňi mälim edesiň gelýär. Köplenç halatda bolsa, ýetginjegiň karary ýetişen adamlaryň durmuşynyň bir parçasy bolan jyns gatnaşyklarynda saklanýar. Ýöne bu ýerde öňünden bilmeli «emmalaryň» ençemesi bar.

 

Irki jyns gatnaşyklaryna başlamagyň näme howpy bar?

Ýetginjeklerde anoreksiýa we bulimiýa: nädip tanamaly we näme etmeli?

News

Ýetginjeklerde anoreksiýa we bulimiýa: nädip tanamaly we näme etmeli?

calendar_today 04 October 2021

Horlanmagyň kül-külüne düşen ýetginjekler kähalatlar bedenlerini örän howply derejä çenli ýetirip, çenden aşa geçýärler. Bu zatlaryň ählisi ata-enäniň gözüniň öňünde bolup geçýändigine garamazdan, köplenç, olar şeýle meseläniň bardygy hakynda asla güman hem etmeýärler. Çagalarynyň gün-günden horlanyp, boýunyň uzalyp gidip barýandygyny synlaýan köp sanly ejelerdir kakalar «Bu zatlar gormonlaryň işi!» diýip pikir edýärler we ýetginjegiň barha az iýip-içýändigine ähmiýet hem bermeýärler.

Anoreksiýa we men: uly meseleler hakynda kiçijik kyssa

News

Anoreksiýa we men: uly meseleler hakynda kiçijik kyssa

calendar_today 25 January 2022

Gözegçiliksiz horlanmagyň, anoreksiýanyň, bulimiýanyň zyýany barada okap, biz özümizi elmydama dogry ýolda saýýarys. «Eýsem, bu içimizden nähili görünýärkä?» - ine, bu barada welin, seýrek oýlanýarys. Jahan çagalykda woleýbol boýunça toparyň kapitanydy. Ol diýseň işjeň hem alçak gyzjagazdy. Hemmeler onuň geljekde ýetginjekler ýygyndysynyň düzüminde sportdan ýokary netijeler gazanjakdygyny aýdýardylar, ata-enesidir mugallymlary onuň üstünliklerine guwanýardy. Ine, birdenem ähli zat weýran boldy. On ýyldan soňra, ol öz başdan geçirenlerini gürrüň berýär.

Düwürtikleri bejermekde 10 ädim: haýsy lukmana ýüz tutmaly?

News

Düwürtikleri bejermekde 10 ädim: haýsy lukmana ýüz tutmaly?

calendar_today 21 September 2021

Ýüzüne, arkasyna ýa-da döşüne akne (düwürtik) ýaýrawyny gören badyna ýetginjekleriň aglabasy dükandan ugurdaş ähli kosmetikany almaga topulýarlar. Ýöne kähalatlarda mesele has düýpde ýerleşýär. Deriniň bu keselinden saplanmak üçin biz haýsy lukmana ýüz tutmalydygyna we haýsy analizleri tabşyrmalydygyna seredip geçeris.

 

Akne (düwürtik) keseliniň formasy

Jahyllyk aknesi (düwürtigi) her ýetginjekde dürlüçe geçýär. Muňa garamazdan, onuň örňemeginiň islendik görnüşini hem (düwünli, iriňli) öz ugruna goýbermeli däldir.

Öýde dyrnaklaryňa nädip dogry ideg (manikýur) etmeli?

News

Öýde dyrnaklaryňa nädip dogry ideg (manikýur) etmeli?

calendar_today 23 September 2021

Dyrnaklaryňa ideg etmeklik çagalykdan endige öwrülmeli, galyberse-de, diňe gyzjagazlarda däl, eýsem, oglanlar hem muny endik etmeli. Çaga dyrnaklaryna gündelik esewan edip durmagy, olary çotga bilen arassalap, zerurlyk bolanda hepdede bir gezek olaryň artyk ýerlerini gyrkyp, görnüşini düzedip durmagy endik etdirmek — bu, elbetde, ene-atalaryň aladasy.

Emma bu günki gün manikýur (dyrnaga ideg etmek) bu diňe bir elleriň saglygynyň aladasy däldir. Bu şeýle hem moda industriýasynyň aýrylmaz bölegidir. Ondaky täze ýörelgeler gyzyl düşekçedäki beýleki täzeliklerden pes däldir.

Nähili sanjymlaryň bardygyny bilýärsiňizmi?

News

Nähili sanjymlaryň bardygyny bilýärsiňizmi?

calendar_today 15 November 2021

Bu günki gün sanjymlaryň birnäçe dürli görnüşleri bar. Sanjymlaryň her görnüşi biziň immun ulgamymyzy mikroblaryň kesgitli bir görnüşi we olaryň döredýän çylşyrymly keselleri bilen göreşmäge öwretmäge niýetlenendir.

 

Alymlar sanjymlary döredenlerinde şulary nazara alýarlar:

Meseleli derä nädip dogry ideg etmeli?

News

Meseleli derä nädip dogry ideg etmeli?

calendar_today 30 September 2021

Gormonlarda bolup geçýän islendik üýtgeşmeler deri asty ýag mäzleriniň artykmaç bölünip çykmasyna getirýär. Artykmaç ýaglar deri öýjüklerinde howa bilen täsirleşmä girýär. Netijede düwürtikler peýda bolýar.

Elbetde, akneniň, düwürtikleriň we sowuklamanyň ýüze çykmasynyň sebäbi köp, neslegeçijilikden başlap nädogry iýmitlenmek hem munuň sebäbi bolup biler. Muňa garamazdan, derä ideg etmek üçin umumy maslahatlar islendik ýagdaýda-da ulanylyp bilner.

 

Kosmetologa ýüz tutuň.

Dikel – sagdyn bolarsyň!

News

Dikel – sagdyn bolarsyň!

calendar_today 28 October 2021

Arkaňy göni saklamak we göwräňi dik tutmak barada bize kiçilikden aýdýarlar. Haçanda  göwräň dik saklananda, adamyň syraty owadan, ýöreýşi bolsa ýeňil we görnükli görünýär.

Ýöne gelşikli adamyň arkasyny küýkerdip,  ýörände kellesini aşak edip ýa-da  eginlerini gyşardýan — birini beýlekisinden ýokary galdyrýan wagtlary seýrek bolmaýar. Ine, ähli sypaty zaýalaýan göwräniň nädogry saklanyşy hut şeýle.

 

Göwräniň durşy näme we ol nämä bagly?

Peýdaly iýmit: ýetginjekler üçin teklipler

News

Peýdaly iýmit: ýetginjekler üçin teklipler

calendar_today 06 September 2021

Tiz, tagamly, şol bir wagtda hem peýdaly bolar ýaly näme iýip boljakdygyna karar bermek elmydama aňsat düşmeýär. Ýokumly hem köp dürli iýmit rejesini düzmek üçin käbir tagamlary dykgatyňyza ýetirýäris.

Ertirlik